Goldaw Merkezi

Size kömek etmäge şatdyrys

Bilim esaslary

JAN tehnologiýa HJ we Türkmentelekom kärhanasynyň bilelikde hödürleýän bir hyzmatydyr. Iki kärhana bilelikde Size filmleri, seriallary, multfilmeri we TV show programmalaryny ýokary tizliklerde hödürleýär. Belet Film hyzmaty amatly we has tygşytly.

Bir aýlyk abuna bahasy 30 manat. Belet Film hyzmatynyň abunalygyny özüňiz ýa-da tutuş maşgalaňyz bilen ulanyp bilersiňiz.

Belet Film hyzmatyny şahsy otag arkaly birikdirip bilersiňiz ýa-da degişli bolan Türkmentelekomyň abuna bölümine barmaly we hyzmaty birkdirmek isleýäniňizi aýtmaly. 
Ýüze çykan ähli soraglar bilen hepdäniň iş günleri sagat 09:00-19:00-a çenli bize ýüzlenip bilersiňiz +993(12) 75-02-08.
Has giňişleýin maglumat(şu ýere basyň) 

Belet Film hyzmatyna birikmek üçin AGTS hasabyňyza girip ýa-da AŞTU abuna bölümine barmaly we hyzmaty birkdirmek isleýäniňizi aýtmaly. Ýüze çykan ähli soraglar bilen hepdäniň iş günleri sagat 09:00-19:00-a çenli bize ýüzlenip bilersiňiz +993(12) 75-02-08.
Has giňişleýin maglumat(şu ýere basyň)    

Elbetde. Belet Filmde halan filmleriňizi we seriallaryňyzy mobil enjamlaryňyza ýükläp alyp bilersiňiz, hem-de islän ýeriňizde we islän wagtyňyz Wi-Fi birikmesiz tomaşa edip bilersiňiz.

Belet Film hyzmatyny şahsy otag arkaly duruzyp bilersiňiz ýa-da degişli bolan Türkmentelekomyň abuna bölümine barmaly we hyzmaty saklamak isleýäniňizi aýtmaly.

Mobil enjamlary üçin goşundy

Belet Filmi görmek üçin ähli Android (5.1 we ondan ýokary) mobil, planşet, telewizor we telewizor enjamlary, şeýle-de iOS (11 we ondan ýokary) mobil we plaşetlar arkaly tomaşa edip bilersiňiz.

Elbetde, görüp bilersiňiz. Wi-Fi birikdirilen islendik 4 enjama çenli şol bir watyň özünde görüp bilerler.

Ýüklenen wideolaryňyzyň hemmesi programmanyň ýadyna ýagny Ýüklemelerim bölüminde elýeterlidir. Başga enjamlara geçirip bolmaz.

Android

Belet Film programmasyny Google Play üsti bilen gözläp ýa-da ýükläp alyp, gurnap bilersiňiz.

“Belet Film” programmasyny üstünlikli gurnamak we işletmek üçin enjamyňyz aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir:
-Android wersiýasy 5.1 ýa-da has ýokary.
-512 MB RAM we 150 MB mugt fiziki ýady talap edýär, prosessoryň maslahat berilýän ýygylygy 800 MGs-den gowrak.

- Belet Film programmasynyň täze wersiýasyny duranlygyny barlaň;
- Enjamy we Wi-Fi routeri öçürip ýakmaklygy zerurdyr;
- Internet birikmäňiziň durnuklydygyna göz ýetiriň.
Ýalňyşlyk çözülmese,  +99312750208 ýa-da +99361392241 jaň edip, goldaw bilen habarlaşyp bilersiňiz, belki ýalňyşlyklar durnuksyz internet birikmesi bilen baglanyşyklydyr ýa-da Belet Speed arkaly tizligi ölçemeli.

iOS

Belet Film programmasyny gözleg arkaly App Store-dan tapyp gurnap bilersiňiz.

Profiliňizde:
- Öň hasabyňyza girmedik bolsaňyz öz hasabyňyzy dörediň;
-Ýüklemeleriňizi we taryhyňyzy görmek mümkin;
-Goldaw merkeziniň belgileri;
-Belet Filminiň ulanyş şertnamasyny we gizlinlik syýasaty bilen tanyş bolmak;
- Internet tizligini ölçemek;

Belet Film programmasynda ýükläp almagy ýatyryň. Munuň üçin "Ýüklänlerim" bölümine giriň, galam nyşanyna basyň we çykýan "Pozmak" düwmesine basyň. Enjamyňyzy täzeden açyň we täzeden ýükläň.

Android TV

Programmany guranyňyzda, enjamyň gabat gelýändigini göz öňünde tutmaly. Android wersiýasy 5.1-den ýokary ýa-da şu ýerden ýükäp gurnamagy synanyşyň.
Degişli Android gutulary we Android telewizorlary:

  • Belet TV
  • Tolkun TV
  • Formuler Z+
  • Xiaomi Mi Stick
  • Xiaomi Mi Box
  • Xiaomi Mi TV
  • Sony Android TV
  • Philips Android TV
  • Nvidia Shield
  • TCL Android TV
  • Panasonic Android TV

- Web sahypasyndaky Belet Film programmasynyň täzelenmelerini barlaň.
- Enjamyňyzy we Wi-Fi routeri öçürip ýakmaly. Birikdirilenden soň, Belet Film programmasynyň işleýşini barlaň.
- Internet birikmäňiziň durnuklydygyna göz ýetiriň.

Android TV -iň we gutularyň häsiýetnamasynyň gabat gelmegi, LAN kabel girişi bolmagy we IPTV hyzmatynyň birikdirilendigi göz ýetiriň.

Web browser

film.belet.com.tm sahypasyny açyň, telefon belgiňizi giriziň we gelen SMS koduny giriziň.

Munuň üçin sertifikatyňyzy çalyşmaly, giňişleýin nädip çalyşmaly barada we  sertifikatyň özüni şu ýerden göçürip alyp bilersiňiz.

-Eger hyzmatymyzda wideo görmekde kynçylyk çekýän bolsaňyz, serwerlerimize birikmeler nädogry gurnalandygy mümkin.
-Belet Film serwerlerine internet birikmesiniň tizligini speed.belet.com.tm sahypasynda barlap bilersiňiz.
- Brauzeriň keşini arassalaň

Logo

Jaňlaşmak üçin

Mobil goşundylar boýunça ähli soraglaryňyz bilen bize jaň edip bilersiňiz

Logo

Email

Ähli teklipler boýunça info@belet.me salgysyna ýüz tutuň.